Biz barada

Lomaysowda.com – bu ýerli we daşary ýurtlardan getirilen dürli harytlaryň lomaý söwdasy üçin niýetlenen häzirki zaman internet platformasydyr. Bu sahypanyň maksady haryt satyjylara öz harytlaryny ýerlemeklige, alyjylara bolsa önüm öndürijiler we lomaý satyjylar barada maglumat almaga ýardam bermek bolup durýar.
Satyn alyjylar haryt öndürijileri we lomaý satyjylar bilen gönüden göni gatnaşyga geçýärler. Satyjylaryň aragatnaşyk maglumatlary sahypa girýänler üçin elýeterlidir, şeýle hem, satyjynyň şahsy otagyna hat ibermek mümkin.
Bu sahypa islendik kärhana - satyja özi hakynda, hödürleýän harytlary hakynda ýa-da gözleýän dilerleri we geçirýän aksiýalary barada maglumat ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär.